Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Krym baradaky dokumental film görkezildi


Rus prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Krymy basyp alyşy barada öňünden ýazgy edilen dokumental filmde, Ukrain we Krym krizisi bilen baglanyşykly dartgynlylyklar döwründe Russiýanyň ýadro ýaraglarynyň herekete geçmek üçin taýýarlanylandygyny aýdýar.

Gürrüňi gidýän dokumental filmde Putin eger bu çäräni amala aşyrmak soralan bolsa, “özüniň muňa taýýar bolandygyny” belleýär.

“Krym: Ata-watana tarap ýol” atly üç sagada golaý dowam edýän dokumental film 15-nji martda rus telewideniýesinde görkezildi.

Dokumental filmde Putin 2014-nji ýylyň martynda Russiýanyň Krymy basyp alşyna Günbataryň harby taýdan gatyşyp-gatyşmazlygy dogrusynda özüniň ynamsyzdygyny, emma ol “wakalaryň bolaýmagy mümkin iň ýaramaz öwrümlerine” taýýar bolandygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG