Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymyň anneksiýa edilmegi bellenilýär


Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen baglanyşykly bir hepde dowam etjek dabaralar, 16-njy martda Gara deňzindäki ýarymadada Moskwa tarapyndan goldanylýan hukuk goraýjy organyň geçiren ýörite ýygnagy bilen başlady.

Russiýanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen dabaranyň başynda rus milli gimni goýberildi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Krymdaky wekili Oleg Belawentsew Döwlet geňeşiniň deputatlaryny Krymyň “Russiýa dolanmagynyň” birinji ýyl dönümi bilen gutlady.

Russiýa Kryma öz goşunyny ugradandan we 2014-nji ýylyň 16-njy martynda sebitde referendum geçirlenden soň, ýarymadany anneksiýa etdi.

XS
SM
MD
LG