Sepleriň elýeterliligi

Kerri, Zarif gepleşikleri geçirdiler


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif. 16-njy mart, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif. 16-njy mart, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähranyň dawaly ýadro programmasy dogrusynda ylalaşyga gelmek boýunça 16-njy martda Şweýsariýada duşuşdylar.

Lozannadaky bu duşuşyk, Tähranyň ýadro programmasy dogrusynda çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak üçin mart aýynyň soňuna çenli goýlan möhlet tamamlanmazdan öň geçirilýär. Bu ylalaşyga laýyklykda, Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary gowşatmaklyk we Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmeklik göz öňünde tutulýar. Ylalaşygyň soňky görnüşiniň 30-njy iýunda baglaşylmagyna garaşylýar.

Kerri bilen Zarifiň geçiren gepleşiklerinden bir gün öň, ýagny 15-nji martda ýokary derejeli amerikan we eýran diplomatlary hem-de ýörite ekspertler duşuşdylar.

Şu hepdäniň dowamynda Zarifiň Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň resmileri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG