Sepleriň elýeterliligi

Putin birnäçe wagtdan soň köpçülikde göründi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew (çepde).

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 5-nji martdan bäri ilkinji gezek köpçülikde göründi.

16-njy martda Putin Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen Sank Petereburgyň çetindäki Konstantinowsk köşgünde duşuşdy.

Putin öz saglygy we onuň halk köpçüliginden daşlaşan döwüründe nirededigi barada ýaýran gep-gürrüňler dogrusynda: “Myş-myşlar bolmasa, içgysgynç bolardy” diýip, jogap berdi.

Atambaýew Putiniň saglyk ýagdaýynyň “aňrybaş derejede gowudygyny” birnäçe gezek gaýtalady.

Putiniň ençeme günläp köpçülikde görünmezligi, 27-nji fewralda Kremliň golaýynda oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň öldürilmeginiň yzýany, Russiýanyň ýokary gatlagyndaky syýasy we howpsuzlyk gullugynyň arasyndaky bar diýilýän bölünişigiň güýçlenendigi baradaky myş-myşlaryň ýaýran mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG