Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym: Moskwa žurnalistlere basyş edýär


Žurnalist Nataliýa Kokorina
Žurnalist Nataliýa Kokorina

Orsýetiň howpsuzlyk agentleri 13-nji marta basylyp alnan Krym ýarymadasynda iki ukrain žurnalistiniň maşgalalarynyň öýlerine döküldiler. Bu reýdleriň dawaly territoriýada media gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň bir bölegi bolmagy ahmal.

Ukrainanyň Gara deňizdäki Krym ýarymadasynyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilenden bir ýyl soňa hem orsýet häkimiýetleri bu ýerde garaşsyz žurnalistlere basyşlaryny dowam etdirýärler.

Şu hepdede Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň agentleri Krymyň paýtagty Simferopolda Derňew maglumatlary merkezi atly garaşsyz žurnalistika merkezinden iki habarçynyň öýlerine döküldiler. Žurnalistleriň özleri geçen ýylyň mart aýynda Krymyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilmeginiň yz ýany Kiýewe göçüp gitmäge mejbur bolupdylar.

Nýu Ýorkda ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk Žurnalistleri goraýjy komitetiň 13-nji martda ýaýradan beýannamasynda reýdler “repressiw hereketler” diýlip häsiýetlendirildi we Krym barada habar berýän žurnalistleriň geçen ýylyň dowamynda süteme, hüjümlere, tussaglyklara sezewar edilip, olaryň iş esbaplarynyň ellerinden alnandygy aýdyldy.

Nataliýa Kokorina

Žurnalist Nataliýa Kokorina Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) 13-nji martda ir sagat sekizde özüniň propiska edilen ýaşaýyş jaýy bolan ene-atasynyň öýüne dökülip, özüne jaň edilip, tizden-tiz gelmegiň talap edilendigini habar berdi.

“Irden bir adam jaň edip, özüniň...polisiýadandygyny” aýtdy diýip, Kokorina AÝ/AR-a aýtdy. “Ol meniň ýazgy edilen, ene-atamyň ýaşaýan jaýynyň gapysynyň möhürlenendigini aýtdy. Meniň enem-atamyň öý telefonlary öçürildi”.

Kokorina yz ýany tussag edildi we, alty sagatdan gowrak wagtlap sorag edilensoň, boşadyldy.

“Nataşa Krym jemgyýetindäki problemalar, korrupsiýa, häkimiýetdäki ogurlyklar we Orsýetiň okkupasiýasy boýunça ençeme derňewleriň awtory” diýip, Derňew habar beriş merkeziniň esaslandyryjysy Dmytro Gnap Facebookdaky öz sahypasynda ýazýar. “Ol we onuň kärdeşleri öz makalalarynyň üstünde gizlinlikde diýen ýaly işlemeli boldular”.

Anna Andriýewskaýa

Şol günüň özünde FSB-niň agentleri žurnalist Anna Andriýewskaýanyň ene-atasynyň öýüne-de reýd geçirdiler. Andriýewskaýa şol öýde soňky 10 ýyl çemesi asla ýaşamandygyny we soňky 10 aýyň dowamynda bolsa Krymda bolmandygyny aýtdy.

Ol Facebookdaky öz sahypasynda kakasyna FSB tarapyndan käbir dokumentleriň, şol sanda öz garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygyny tassyklaýan haýsydyr bir kagyzlaryň görkezilendigini ýazýar. Žurnalistiň pikiriçe, bu zatlaryň onuň öz makalasynda Krymyň Orsýetiň gözegçiliginden çykmagyna çagyryş edilmegi bilen bagly bolmagy mümkin.

Ol reýdiň netijesinde öz kakasynyň kompýuteriniň we elektron maglumatlarynyň alnyp gidilendigini habar berdi.

Orsýetiň Krymy basyp alan döwründe Andriýewskaýa ”Argumenty Nedeli-Krym” gazetinde işleýärdi, emma gazet ýerli häkimiýetleri we Orsýeti tankyt etmezlik syýasatyny kabul edensoň, ondan işden çykdy. Şondan soň Andriýewskaýa AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň habarçysy bolup işledi.

Orsýetiň Krymdaky kanun goraýjy agentlikleriniň metbugat wekili reýdler barada kommentariý bermekden ýüz öwürdi. Ýerli Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Dmitry Polonsky haýsydyr bir žurnalistiň tutulandygy barada özüniň eşitmändigini aýtdy.

Kokorinanyň aklawçysy Jemil Temişewiň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, onuň Derňew maglumatlary merkeziniň çap eden makalalary bilen baglylykda soraga çekilendigini aýtdy.

“Men ähli detallary häzir aýdyp bilmedim” diýip, aklawçy “häzire çenli bizde sorag edişlik bilen bagly takyk aýyplamalar ýok. Men häzirki wagtda Natalýa üçin hiç hili howp görmeýärin” diýdi.

13-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç “Krymda garaşsyz žurnalistleriň gorkuzylmagyny” ýazgarýan beýannama ýaýratdy.

“Repressiýa güýçlenýär”

“Bu tussaglyk Krymyň de fakto, ýagny iş ýüzündäki häkimiýetleriniň garaşsyz media wekillerini olaryň alyp barýan işleri üçin gorkuzmak we jezalandyrmak boýunça amala aşyrýan hereketleri barada ýatlamadyr” diýip, Miýatowiç ýazýar. Ol Krymda žurnalistleriň “repressiýa” edilmegi “esasy adam hukuklarynyň depelenmegidir” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Tatarlaryň mejlisi Krym assambleýasynyň başlygy Refat Çubarow Krymda “repressiýanyň” güýçlenendigini aýtdy. Häzirki wagtda Çubarow Kiýewde bolýar, sebäbi Krymyň iş ýüzündäki häkimiýetleri oňa ýarymada barmagy gadagan etdiler.

“Krym jemgyýetiniň ähli gatlaklarynda – Krym tatarlaryna, žurnalistlere, biznes wekillerine garşy repressiýalar sebäpli gorky güýçlendi” diýip, Çubarow aýdýar.

“Biz bärde Kiýewde şol adamlara nädip kömek berip boljakdygy, olary we olaryň maşgalalaryny, şeýle-de häzirem Krymda galýan žurnalistleri nädip gorap boljakdygy barada pikir etmeli. Bizde diňe bir gural bar – jemgyýeti maksimal derejede habarly etmek we halkara žurnalistlerine hem adam hukuklaryny goraýjy guramalaryna ýüzlenmek”.

Şu aýyň başynda hökümete degişli bolmadyk Freedom House guramasy hasabat ýaýratdy.

Hasabat Krymyň de fakto häkimiýetlerini “Krym ýarymadasyny informasion getto öwürmek ugrunda iş alyp barmakda aýyplady”. Şeýle-de hasabatda “Krymyň Orsýetiň bölegi hökmündäki statusyna” mediada şübhe bildirilmegine bäş ýyl türme tussaglygyny göz öňünde tutýan jenaýat hökmünde garalýandygy bellenilýär.

Ukrainanyň regiondaky telewizion gepleşikleri bes edildi, şol bir wagtda-da käbir kanallar – “esasan tomaşaly kanallar” – henizem kabel arkaly görkezilýär.

XS
SM
MD
LG