Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: ​Aýalyňy maňa ber...


Karikatura.
Karikatura.

Aýalyňy maňa ber...

Söhbetdeşini gepde utup, burça gabamak üçin ýazyjy-şahyrlar çendan çyzykdan çykyp, “serhetden geçýär”. Belli edebiýat tankytçysy, kyssaçy Nargylyç Hojageldiýewiň aýaly ir aradan çykyp, ol orta ýaşda dul galdy. Ýasdan soňra esli wagt geçdi. Bir gezek Nargylyç agadan ýaşkiçi ýazyjylaryň biri onuň çetine degmek üçin “Nargylyç, häzir ýokary wezipede işleýänleriň bir topary öz wagtynda durmuşa çykyp bilmedik garrygyz, galany-da başyboş dul gelinler.

Maňa aýalym Kümüş aýakbagy bolup dur. Bolmasa şolaryň birine öýlenip, wezipesiniň, baýlygynyň hözirini görerdim. Öýlen şolaryň birine” diýdi. Nargylyç aga “peýdaly maslahata” “peýdaly maslahat” bilen jogap berdi:

-Inim, aýalyňy maňa ber! Wezipeli gelinlere özüň öýlen, sen olaryň köpüsi bilen deň-duş -diýdi.

Tanyşlyk usuly

SSSR döwri Türkmenistanda Bütinsoýuz poeziýa festiwaly geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin beýleki soýuz respublikalardan gelýän ýazyjy-şahyrlary Aşgabat aeroportunda garşy alýardyk. Gelýänleriň belli bir bölegi ýazyjy aýal-gyzlardy. Erkek kişiler bilen agras salamlaşýan şahyr, terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradow aýal-gyzlaryň öňünde dyz epip, olaryň elini ogşaýardy. Beýle zady suwjuklyk saýýan şahyr Annaberdi Agabaýew iki delegasiýany garşy alanymyzda gaş çytyp dymdy. Üçünji delegasiýanyň samolýotynyň gonandygy hakda bildiriş yglan edildi. Annaberdi “Kakabaý, ýaş-ýeleň, garry-gurty diýmän, aýallaryň elini öpmegiňi bes et” diýdi. Kakabaý:

-Annaberdi, men sen ýaly SSSR-e meşhur şahyr däl. Bir ýol, çem tapyp, menem aýal-gyzlar bilen tanyşmaly ahyryn. Elini öpdügim, lak atdygym -diýip, gönüsinden geldi.

Kim taryhy ýoýýar

Bir gezek Sowet Soýuzynyň Gahrymany, taryh ylymlarynyň doktory, ýazyjy Pena Rejebowa “Pena kaka, taryhy syýasatçylar köp ýoýýarmy ýa-da taryhçylar? Olaryň haýsysy birinji orunda?” diýip, sowal berdiler. Pena aga:

-Häkimiýet başyna gelen syýasatçylar öz hereketlerini sülä getirjek bolup, taryha ýüzlenýär. Her gezek häkimiýet çalşanda taryh täzeden ýazylýar. Syýasatçylaryň salgylanýan şol taryhyny ýaranjaň taryhçylar ýazýar. Taryhy ýoýmakda olaryň haýsy birinji, haýsysy ikinji, ony özüňiz kesgitläň -diýdi.

Minnetdarlyk

Sowet Soýuzynyň Gahrymany Pena Rejebow (1918-2007) uruşdan soňra ylym, çeper döredijilik meşgullandy. Ylmy monografiýalary, 10-dan köpräk kyssa kitaby çap edildi. Garaşsyzlyk ýyllary ýurtda aýatda galan iň soňky Gahrymanyň gursagyndan itildi. Tas 40 ýyl işlän ýeri Ylymlar Akademiýasyndan işden çykaryldy. Bir gezek biri “Pena kaka, nämüçin saňa öňki ýaly hormat-sarpa goýulmaýar?” diýip sorady. Gahryman goja:

-Prezident “Nämüçin kakam däl-de, sen Gahryman bolupsyň” diýip, meni türmä basanok. Bu uly hormat dälmi? -diýip, onuň özüne sorag berdi.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG