Sepleriň elýeterliligi

"Dünýä türkmenleri we Nowruz"


Ahal welaýatynda Nowruz baýramy bilen baglanyşykly geçirilen dabaralaryň çäginde zenanlar milli aýdymlary aýdýarlar. 2013 ý.

Ahal welaýatynda Nowruz baýramy bilen baglanyşykly geçirilen dabaralaryň çäginde zenanlar milli aýdymlary aýdýarlar. 2013 ý.

Nowruz megerem türkmenleriň iň uly baýramçylyklaryndan biri bolsa gerek. Türkmenleriň etniki azlyk bolup ýaşaýan Eýran we Owganystan ýaly ýurtlarda Nowruz baýramy ýylyň täzelenişini aňladýan bolsa, käbir ýurtlarda bu baýramçylyga bahar paslynyň girişi hökmünde garalýar.

Türkmenistanda bolşy ýaly bu baýramçylyk dünýä türkmenleriniň arasynda hem uly dabara bilen bellenilýär, saçaklar bezelýär, aýdym-saz konsertleri gurnalýar, dürli köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Dünýä türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda her ýyl 21-nji marta gabat gelýän Nowruz baýramçylygy barada gürrüň edip, bu dabaranyň dürli ýurtlarda geçiriliş aýratynlyklaryna we däp-dessurlaryna üns çekmekçi bolýarys.

Sizi hem Nowruz baýramçylygy boýunça öz adatlaryňyz we aýratynlyklaryňyz bilen dünýä türkmenlerini tanyşdyrmaga çagyrýarys. Gepleşigimize gatnaşyp, bu barada gürrüň bermek isleseňiz, biziň bilen hat@azatradio.org elektronik hat salgysy arkaly aragatnaşyga geçip bilersiňiz. Şeýle-de öz pikirleriňizi aşakdaky forumda hem galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG