Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Çaganyň ölümi protest döretdi


Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň esgerleri, Kostýantyniwka, 22-nji ýanwar, 2015

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň esgerleri, Kostýantyniwka, 22-nji ýanwar, 2015

Ukrainanyň gündogarynda hökümetiň gözegçiligindäki şäheriň häkimiýetleri harby ulagyň bir ýaş gyzyň ölümine sebäp bolmagy bilen bagly ýol heläkçiliginden we yzýany dörän zorlukdan soň tutha-tutluklary amala aşyrdylar.

Donetsk regionynyň Kostýantyniwka şäherçesiniň gahar-gazaply ýaşaýjylary esgeriň harby ulagyna gözegçiligi ýitirip, ýedi ýaşly gyzy öldürmeginden we onuň daýzasyny hem ýaş çagany ýaralamagyndan soň harbylaryň ýerleşýän jaýyny daşladylar, iki ulagy otladylar we ýene bir ulagy agdardylar.

Polisiýa bidüzgünçilikleriň öňüni almak gözegçiligi amala aşyrýar, diýip Donetsk regionynyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Abroskin 17-nji martda Facebook arkaly habar berdi. Ol heläkçilige sebäp bolan esgeriň tussag edilendigini we tertipsizligiň guramaçylarynyň şahsyýetiniň anyklanandygyny aýtdy.

Kostýantyniwka regionyň paýtagty Donetsk şäherinden demirgazykda ýerleşýär. Donetske gözegçilik edýän orsýetçi separatistleriň hökümet güýçleri bilen konfliktiniň netijesinde geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 6000-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG