Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda yslamçylara basyş edilýär diýilýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow Akdepe harby bazasynda

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow Akdepe harby bazasynda

Türkmenistanyň käbir etraplarynda yslama has köp ýykgyn edýändigi aýdylýan raýatlaryň soňky döwür ýiti basyşlara sezewar bolýandygy barada resmi taýdan tassyklanmadyk dürli görnüşdäki maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosyna berlen maglumatlara görä, şeýle ýagdaýlara esasanam şu ýylyň fewral aýynda Ahalyň Tejen etrabynda duş gelnipdir. Dürli çeşmeler, şol wakalaryň fonunda ençeme adamyň tussag edilendigini habar berýärler.

Wakanyň takyk haçan we nähili ýagdaýda bolandygy we tutuldy diýilýän şol adamlaryň sany barada bir-birinden tapawutly maglumatlar gowuşýar. Käbir çeşmeler tutuldy diýilýän şol adamlaryň aşa dinçilikde aýyplanýandygyny aýtsa, beýleki çeşmeler olaryň proteste taýynlanýan mahaly tussag edilen adaty raýatlardygyny aýdýarlar.

Bu maglumatyň Türkmenistan barada habarlary çap edýän dürli internet sahypalarynda, sosial mediada giňden ýayrandygyna garamazdan, resmi Aşgabat gürrüňi edilýän şol waka barada henize çenli halk köpçüligine hiç hili maglumat bermedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG