Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Merkezi Aziýa boýunça wekili hödürledi


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze ýörite wekilini hödürledi. Mogheriniň edarasynyň 16-njy martda metbugat üçin ýaýradan maglumatyna görä, agzalan wezipä Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli resmisi Peter Burian hödürlendi.

Slowakiýa Respublikasynyň NATO-daky, ABŞ-daky we BMG-däki öňki ilçisi 55 ýaşly Burianyň kandidaturasy indi Ýewropa Geňeşi tarapyndan tassyklanmaly.

"Peter Burianyň bellenmegi ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygynyň dowam edýändigini görkezer we kanunçylygyň hökmurowanlygy, howpsuzlyk, energiýa, suw, bilim we adam hukuklary ýaly özara bähbitli möhüm meselelere üns berilýändigini nygtar. Merkezi Aziýa strratek giňişlikdir”, diýlip Mogherininiň beýannamasynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG