Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl milli saýlaw geçirýär


Ysraýylyň premýer-ministri B.Netanýahu ses berýär, Ierusalim, 17-nji mart, 2015

Ysraýylyň premýer-ministri B.Netanýahu ses berýär, Ierusalim, 17-nji mart, 2015

Ysraýylyň ses berijileri milli saýlawlara gatnaşmak üçin saýlaw nokatlaryna barýarlar.

Premýer-ministr Benjamiň Netanýahunyň saýlawlarda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar. 17-nji mart saýlawlarynyň öňüsyrasynda geçirilen pikir öwrenmeler Netanýahunyň merkezçi-sagçy “Likud” partiýasynyň Isaak Herzogyň merkezçi-çepçi “Sionist bileleşigi” alýansyndan yzda barýandygyny görkezdi.

Netanýahu 17-nji martda ses berensoň eden çykyşynda “Çepçi partiýanyň täsiriniň öňüni almak üçin, boşlugy doldurmak ugrunda ýeke-täk edilmeli zat Likuda ses bermeli”, diýdi.

Netanýahu 16-njy martda eden çykyşynda dördünji möhlete saýlanan ýagdaýynda Palestin döwletiniň döremejegini aýtdy.

65 ýaşly Netanýahu 2019-njy ýylyň iýul aýyna çenli häkimiýet başynda galyp, Ysraýylyň iň uzak möhletli premýer-ministri bolup bilýär.

XS
SM
MD
LG