Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Sawçenko ýene açlyk cekýär


Nadia Sawçenko sudda, Moskwa, 4-nji mart, 2015
Nadia Sawçenko sudda, Moskwa, 4-nji mart, 2015

Ukrainanyň harby uçar sürüjisi Nadia Sawçenko Orsýetiň türmesinde ýene açlyk yglan edip, tussaglykdan boşadylmasa açlykdan ölmäge taýýardygyny mälim etdi.

Sawçenkonyň Moskwanyň Matrosskaýa tişina türmesinden ýazan hatyny onuň aklawçylarynyň biri Mark Feigin Twitter arkaly ýaýratdy.

33 ýaşly Sawçenko 13-nji dekabrda yglan eden açlygyndan soň agramynyň 20 kilogram çemesini ýitirdi. Ol açlyk çekmegini saglygy bilen bagly sebäplerden 5-nji martda bes edipdi.

Sawçenko gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleriň we hökümet güýçleriniň arasyndaky konflikt barada maglumat taýýarlan iki orsýet žurnalistiniň ölümine sebäp bolan hüjüme gatnaşykda aýyplanyp sud edilýär. Sawçenko iýun aýynda özüniň ogurlanyp, Orsýete alnyp barylandygyny we bikanun sud edilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG