Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: YD-nyň Owganystanda bolmagy mümkin


BMG-niň Owganystandaky ýokary derejeli wekili ýakynda peýda bolan maglumatlaryň ekstremistik “Yslam döwleti” toparynyň Owganystana geçendigini görkezýändigini aýtdy.

Nikolas Haysom (Nicholas Haysom) BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde 16-njy martda eden çykyşynda BMG-niň missiýasynyň çykaran netijelerine görä, “Yslam döwleti” Owganystanda “düýpli kök” urmadyk hem bolsa, onuň “üzňe gözgalaňçy bölek toparlaryň geçmegine alternatiw şert döremegi üçin” mümkinçilige eýe bolandygyny aýtdy.

Haysomyň çykyşynyň yzýany Orsýet Howpsuzlyk Geňeşini söweşiji toparyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almaga çagyrdy.

Orsýetiň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Wladimir Safronkow Moskwanyň Owganystanda terrorçylyk howpuň artmagyna, aýratynam öňki Sowet Soýuzynyň Aziýa ýurtlaryndaky ýagdaýa aladalanma bildirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG