Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabat: Köçeleriň giňeldilmeginiň hupbatlary


Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrundaky 10-njy awtoparkyň ýumrulan bölegi.

Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrundaky 10-njy awtoparkyň ýumrulan bölegi.

Häzirki wagtda paýtagtda şäheriň köçelerini abadanlaşdyrmak we giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtyň dürli künjeklerinde estakadalardyr köprüler gurulýar. Türkmenistanyň baş şäheriniň köçeleriniň-de ençemesi giňeldilýär.

Şol giňeldilýän köçeleriň biri-de Griboýedow köçesi, ol Aşgabadyň iň uly köçelerinden biri diýlip hasaplanýar. Häzir agzalan işler bu köçäniň Metallistler köçesi bilen kesişýän ýerinden tä Bedew ýaşaýyş massiwine çenli böleginde alnyp barylýar.

Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrundaky awtotresiň ýumrulan bölegi.

Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrundaky awtotresiň ýumrulan bölegi.

Paýtagtyň köçelerinde awtoulag gatnawyny kadalaşdyrmak üçin durmuşa geçirilýändigi aýdylýan bu çäreler, käbir halatlarda ady tutulan köçeleriň töwereginde ýaşaýan ilatyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär.

Mysal üçin agzalýan gurluşyk işleri sebäpli, Griboýedow köçesiniň ýokarda agzalan böleginde ýerleşen 10-njy awtoparkyň günorta tarapy, “Awtotrestiň” howlusynyň günorta tarapy, köne MŽF-iň we tehnikumyň howlulary ýumrulýar.

Galyberse-de, bu köçäniň gönülenýändigi sebäpli, onuň ugruna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň hem ýumrulyp, olaryň ýaşaýjylarynyň göçüriljekdigi aýdylýar.

Beýleki köçeler

Häzirki döwürde, köçeleri oňarmak we giňeltmek işleri Aşgabadyň käbir beýleki ýerlerinde hem alnyp barylýar. Olardan ýene biri - Gurbansoltan prospekti. Paýtagtdaky Aýna zawodynyň golaýyndan geçýän bu köçäniň giňeldilmegi bilen baglanyşykly şol zawod hem öňki ýerinden göçürilýär.

Geçen ýyl paýtagtyň Görogly köçesi bilen A.Nyýazow prospektiniň kesişýän çatrygynda täze tunnel geçelgesi açyldy. Şol tunneliň gurluşygy gidýärkä onuň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi ýumruldy. Bu ýerdäki çagalar bagy hem ýykyldy.

Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrundaky 10-njy awtoparkyň ýumrulan bölegi.

Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrundaky 10-njy awtoparkyň ýumrulan bölegi.

Ondan öň, paýtagtyň Gagarin köçesiniň tunnelden çykyp, Ýerewan köçesine barýança bolan aralykdaky, ýoluň sag tarapynda ýerleşýän seteräm oturan howluly bir gatly ýaşaýyş jaýlary hem ýumruldy we olaryň ýaşaýjylary ol ýerden göçürildi. Şol bir wagtda hem köçeler giňeldilip, ýaşaýyş jaýlary ýumrulan ýaşaýjylaryň käbirleri entegem täze öýe göçüp baryp bilenoklar.

“Tunel sebäpli göçürdiler”

“Meni we maşgalamy Görogly hem-de A.Nyýazow propsektleriniň çatrygynda gurlan tunnel sebäpli [ol ýerden] göçürdiler. Parahat-7 mikroraýonyndan kwartira bereris diýip aýtdylar. Emma häzire çenli şol jaýyň gurluşygy tamamlananok” diýip, özüni Swetlana diýip tanadan ildeşimiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň birnäçesi.

Aşgabadyň Griboýewdow köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň birnäçesi.

Paýtagt Aşgabadyň köçelerini rekonstruksiýa etmek we giňeltmek işleri ýokarda agzalan köçeler bilen çäklenmeýär. Resmi maglumatlara görä, 2015-16-njy ýyllarda paýtagt Aşgabatda 20 sany prospektleridir, köçeleri modernleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de täze köçeler hem gurulmaly.

Bu işleriň ählisi hem 2017-nji ýylda geçiriljek “Aziada” oýunlaryna taýýarlygyň çäginde alnyp barylýar.

XS
SM
MD
LG