Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: Netanýahu ýeňiş gazandy


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. 18-nji mart, 2015 ý.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. 18-nji mart, 2015 ý.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň häkimiýetdäki “Likud” partiýasy ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda garaşylmadyk ýeňiş gazandy.

18-njy martda sesleriň ählisiniň diýen ýaly sanalmagy netijesinde “Likud” partiýasy 120 orunlyk parlamentde 30 ýer alan ýaly bolup görünýär.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen pikir soralyşyk “Likud” partiýasynyň “Sionist bileleşiginden” yzda barýandygyny görkezipdi. Emma muňa garamazdan, bu bileleşik parlamentde diňe 24 ýer aldy.

Netanýahu sag-ganat partiýasy we dini ýaranlar bilen hökümet koalisiýasyny düzer. Ol işe ýarawly koalisiýany düzmegi başarsa, onda bu koalisiýa Netanýahunyň dördünji möhlet bilen öz wezipesinde galmagyna mümkinçilik döreder.

XS
SM
MD
LG