Sepleriň elýeterliligi

“AI” Krymyň Moskwa tarapdar liderlerini tankyt edýär


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Amnesty International” guramasy Krymyň de fakto, ýagny iş ýüzündäki häkimiýetleri özlerine garşy tankytçylaryň alnyp gaçylmagy we gynamalara sezewar edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe wakany derňemekde şowsuz boldular diýýär.

Gürrüňi gidýän guramanyň 18-nji martda ýaýradan täze raportynda, muňa derek Krymyň de fakto, ýagny iş ýüzündäki liderleri ýurtdaky dissidentlere basyş etdi we Ukrainanyň anneksiýa edilen regionynda gorky faktoryny döretmek arkaly, režimi tankyt edýänleriň aglabasynyň ýurdy terk etmegine sebäp boldy diýilýär.

“Amnesty International” guramasynyň raporty rus prezidenti Wladimir Putiniň we Moskwa tarapyndan goldanylýan Krym liderleriniň Gara deňzindäki ýarymadany Russiýanyň bir bölegi etmek hakynda ylalaşyga gol goýan gününden 1 ýyl soň ýaýradyldy. Putiniň we Moskwa tarapyndan goldanylýan Krym liderleriniň bu hereketi köpçülikleýin ret edilip, halkara jemgyýeti tarapyndan ýazgarylypdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň aýtmagyna görä, Krym regiony Russiýa tarapyndan anneksiýa edileni bäri, sebitde ýedi adam alnyp gaçylypdyr we olaryň ykbaly barada henize çenli maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG