Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: ABŞ-nyň uçary aşak gaçyryldy


Siriýanyň döwlet metbugaty ýurduň howa goranyş güýçleriniň, Ortaýer deňziniň kenaryndaky demirgazyk-günbatar welaýatda Birleşen Ştatlaryň uçaryny urup aşak gaçyrandygyny habar berýär.

Birleşen Ştatlaryň resmileri Günbataryň habar gulluklaryna beren maglumatynda Siriýada Birleşen Ştatlaryň “Predator” kysymly pilotsyz uçarynyň aşak gaçandygyny, emma onuň urlup aşak gaçyrylandygy barada henize çenli takyk maglumatyň ýokdugyny mälim etdiler.

Birleşen Ştatlaryň resmileri pilotsyz uçaryň operatorlarynyň nähili ýagdaýda kontroly ýitirendigini anyklamaga synanyşýarlar.

Siriýanyň “Sana” atly döwlete degişli habar gullugy amerikan uçarynyň ýurduň Latakiýa şäherinde aşak gaçyrylandygyny aýdyp, bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG