Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: 34 söweşiji öldürildi


Pakistanyň harbysy ýurduň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän daglyk sebitde 34 söweşijiniň öldürilendigini habar berýär.

Pakistanyň harbysynyň 18-nji martda ýaýradan beýanatynda “şu gün Haýber welaýatynyň Tirah sebitine edilen takyk howa hüjümlerinde 34 terrorist öldürildi” diýilýär.

Resmiler “hüjümleriň amala aşyrylan döwri ‘Pakistanyň Talyban’ hereketiniň lideri Maulana Fazlullahyň şol ýerde bolandygyny görkezýän degerli alamatlaryň bardygyny” aýdýarlar.

“Reuters” habar gullugynyň Pakistanyň tire-taýpalar regionynyň çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, howa hüjüminde 20 adam heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG