Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Yslamçy toparyň zenan agzasy diýilýän tussag edildi


Gyrgyzystanyň polisiýasy ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň aýallar bileleşigine ýolbaşçylyk edýär diýilýän zenany tussag etdiler.

Gyrgyz Içeri işler ministrliginiň 18-nji martda ýaýradan maglumatynda ady köpçülige mälim edilmeýän zenanyň 2013-nji ýyldan bäri gözlenýändigi bellenilýär.

Ministrligiň maglumatyna görä, gürrüňi gidýän zenan 17-nji martda Batken welaýatynda ýerli polisiýanyň gatnaşmagynda geçirilen barlaglar döwründe tussag edilipdir.

Şeýle-de ministrlik welaýatda geçirilýän barlaglaryň, tussaglykdaky ýerli dini lider Raşod Kamalowyň sud işiniň derňewleri bilen ilteşiklidigini habar berdi. Kamalow “Hizb ut-Tahrir” topary bilen ilteşigi barlykda aýyplanyp, geçen aý tussag edilipdi.

Soňky hepdelerde Gyrgyzystanda “Hizb ut-Tahrir” toparynyň we ýurtda gadagan edilen beýleki yslamçy toparlaryň agzasy diýlip aýdylýan adamlaryň tussag edilýändigi baradaky maglumatlar artdy.

XS
SM
MD
LG