Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde ýedi adam öldi


Owganystanyň resmileri “Talybanyň” ýük ulagyna ýerleşdiren bombaly hüjüminde ýokary derejeli welaýat resmileriniň nyşana alnandygyny, wakanyň netijesinde parahat ilatdan azyndan ýedi ýaşaýjynyň ölendigini we başga-da 40 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Helmand welaýat häkiminiň orunbasary Mohammad Jan Rasolýaryň aýtmagyna görä, bombaly ýük ulagy Laşkar Gah şäherindäki häkimiň, welaýat geňeşiniň başlygynyň we welaýat polisiýa başlygynyň orunbasarynyň ýaşaýyş jaýynyň golaýynda partladylypdyr.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýokary derejeli owgan polisiýa ofiseri hüjümiň amala aşyrylandygyny we adam ýitgileriniň bolandygyny tassyklady.

“Talyban” hereketi Twitter sosial ulgamyndaky resmi sahypasy arkaly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG