Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl saýlawlarynda Likud ýeňdi


Benýamin Netanýahu

Benýamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanhuyň dolandyryjy Likud partiýasy ýurduň saýlawlarynda garaşylmadyk ýeňiş gazandy.

18-nji martda sanalan seslere görä, sag-ganat Likud partiýasy 120 orunly parlamentiň 30 ornuny gazanan bolup görünýär.

Oppozisiýa lideri Isak Herzog Netanýahu bilen gepleşip, ony «ýeňiş bilen gutlandygyny we üstünlik arzuw edendigini» aýtdy.

Çykyş netijeleri bäsleşigiň çekeleşikli bolandygyny görkezdi, emma Herzogyň çepçi Sionistler Bileleşigi diňe 24 orun gazanmagy başardy.
Saýlawdan öňki pikir soralyşyklar Likudyň yzda barýandygyny görkezipdi.

Indi Netanýahu kyn-gyssag görmezden sagçylar bilen dini ýaranlaryň koalisiýasy esasynda öz isleýän hökümetini düzüp biler.

Eger Netanýahu işe ukyply koalisiýa gursa, ol 65 ýaşyndaky premýer-ministre wezipede dördünji möhlete galmak mümkinçiligini berer we ony Ysraýylyň iň uzak işlän premýer-ministriniň ýoluna atarar.

Netanýahu saýlaw kampaniýasynyň soňky gününde palestin döwletiniň döredilmegine ýol bermezligi wada berdi we synçylar munuň netijesiniň Ýakyn Gündogar parahatçylyk prosesi üçin betbagtçylykly bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

"Ähli kynçylyklara garmazdan, Likud uly ýeňiş gazandy» diýip, Netanýahu 17-nji martda ses berişlik tamamlanandan soň, Tel-Awiwdäki saýlaw merkezinde öz goldawçylarynyň öňünde sözlän sözünde aýtdy.

Ol beýleki sagçy partiýalaryň ählisiniň liderleri bilen gürleşendigini we olary haýal etmän «berk we durnukly» hökümet düzmäge çagyrandygyny aýtdy.

"Gorkuzmak taktikasy"

Netanýahu howpsuzlyk meseleleri boýunça kampaniýa geçirdi, eger saýlansa, palestin döwletiniň döredilmegine ýol bermejegini aýtdy hem-de dünýä döwletleri bilen Eýranyň arasynda Tähranyň ýadro programmasy babatda ylalaşyk baglaşylmaly däldigini duýdurdy.

Herzog Netanýahuy Ysraýylda durmuşyň gymmatlamagy ýaly wajyp meselelere göz ýumup, halky gorkuzmak taktikalaryny ulanmakda aýyplady.

Netanýahu saýlaw güni çepçi toparlary ysraýylly araplary saýlaw uçastoklaryna daşap, özüni häkimiýetden aýyrmaga synanmakda aýyplady we bu ýagdaý Waşington tarapdan berk nägilelik bildirilmegine sebäp boldy.

"Umuman aýdylanda, biz belli bir jemgyýetleriň gyrakladylmagyny maksat edinýän islendik beýanata hemişe alada bildirýäris» diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki aýtdy.

Syýasy bäsdeşleriň käbiri Netanýahuy bu sözleri üçin jynsparazlykda aýyplady.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Şweýsariýada Eýran bilen geçirilýän ýadro gepleşikleri mahalynda žurnalistleriň Ysraýyl saýlawlary barada beren soraglaryna jogap bermekden boýun gaçyrdy.

Ýarym resmi Mehr habar gullugynyň ýazmagyna görä, Eýranyň Daşary işler ministrligi «Sionist režimiň syýasy partiýalarynyň arasynda hiç bir tapawut ýok, olaryň hemmesi tebigaty boýunça agressorlar» diýipdir.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG