Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis: Hüjümde sekiz adam öldi


Tunisiň paýtagtyndaky muzeýde bolan ok atyşykda sekiz adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Tunisiň Içeri işler ministrliginiň metbugat sözçüsi 18-nji martda edilen hüjümde ölenleriň diňe bir sanysynyň Tunisiň raýatydygyny mälim etdi. Ol wakada heläk bolan beýleki adamlaryň haýsy ýurduň raýatydygy barada maglumat bermedi.

Tunisiň döwlet telewideniýesi ýurduň “Bardo” atly milli muzeýine edilen hüjümde azyndan sekiz turistiň we tunisliniň heläk bolandygyny habar berdi.

Şeýle-de, hüjümde birnäçe adamyň zamun alnandygy barada henize çenli tassyklanmadyk maglumatlar bar.

Kabir maglumatlarda, iki söweşijiniň, daşy howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gabawa alnan muzeýiň içinde bukulýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG