Sepleriň elýeterliligi

“Eurovision 2015-e” gatnaşyjylar belli boldy


"Eurovision-2015" aýdym-saz bäsleşiginiň logotipi.

"Eurovision-2015" aýdym-saz bäsleşiginiň logotipi.

Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşjak we onda şu ýyl öz ýurduna wekilçilik etjek aýdymçylaryň sanawy çap edildi. Bu barada “Eurovision 2015” aýdym-saz bäsleşiginiň resmi websahypasynda habar berilýär.

Şu ýyl Awstriýanyň paýtagty Wenada geçiriljek bu bäsleşikde jemi 40 ýurduň aýdymçylary aýdym-saz boýunça öz ukyplaryny görkezerler.

Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, onuň 19-njy maýda geçiriljek birinji tapgyrynda jemi 16 ýurduň aýdymçylary ýaryşarlar. Şol ýurtlaryň arasynda Albaniýa, Ermenistan, Belarus, Belgiýa, Daniýa, Estoniýa, Makedoniýa, Finlandiýa, Gürjüstan, Gresiýa, Wengriýa, Moldowa, Rumyniýa, Russiýa, Serbiýa we Niderlandlar bar.

Bäsleşigiň ikinji tapgyry 21-nji maýda geçirilip, onda jemi 17 ýurduň aýdym-saz ussatlary öz ukyplaryny görkezerler. Bu ýurtlaryň arasynda Azerbaýjan, Kipr, Çehiýa respublikasy, Islandiýa, Irlandiýa, Ysraýyl, Latwiýa, Litwa, Malta, Montenegro, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, San-Marino, Sloweniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa bar.

Bäsleşigiň üçünji tapgyrynda, ýagny 23-nji maýda jemleýji final tapgyry geçirilip, onuň çäginde Awstraliýanyň, Awstriýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Beýik Britaniýanyň aýdymçylary ýaryşarlar.

Awstraliýa

Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň şu ýylky tapgyryna Awstraliýa ilkinji gezek gatnaşýar, bu barada “Ýewropanyň teleradio gepleşikler” bileleşigi mälim etdi.

10-njy fewralda bäsleşigiň guramaçylary Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň websahypasynda “Hawa, siz dogry okadyňyz!” diýip, ýurduň geografiki taýdan ýerleşişini bir gyra goýup, şu ýyl 60-njy gezek geçirilýän meşhur bäsleşige “goşmaça formaty” kabul etdik diýip habar berdiler.

Guramaçylar, eger 23-nji maýda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçiriljek bäsleşikde awstraliýaly gatnaşyjy birinji orna mynasyp bolsa, onda bu ýurduň öňümizdäki ýyl hem Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşjakdygyny mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde olar Ýewrowideniýe bäsleşiginde Awstraliýanyň yzygiderli ýaryşjakdygy barada heniz hiç bir planyň ýokdugyny hem bellediler.

Azerbaýjan

Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Azerbaýjana şu ýyl Elnur Hüseýnow wekilçilik edýär. Ol “Hour Of The Wolf” aýdymy bilen çykyş edýär. Bu bäsleşik Elnur üçin ýat däl. Ol 2008-nji ýylda Ýewrowideniýe bäsleşiginde Samir Jawadzade bilen bilelikde aýdan aýdymy bilen Azerbaýjanyň adyndan çykyş edipdi.

Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde geçen ýyl awstriýaly aýdymçy Konçita Wörst (Conchita Wurst) ýeňiji bolupdy. Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi ilkinji gezek 1956-njy ýylyň 24-nji maýynda geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG