Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýjemalyň ahwalyna alada bildirilýär


Nobatdaky jaý ýykyşlyk, Aşgabat. 8-nji fewral, 2015 ý.
Nobatdaky jaý ýykyşlyk, Aşgabat. 8-nji fewral, 2015 ý.

Düýn, 18-nji martda Azatlyk radiosynyň websaýtynda «Ýüzi alnan Aýjemal» ady bilen çap edilen we sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoreportaža gysga wagt içinde diňe feýsbukda 15 müň çemesi adam tomaşa etdi.

Onda Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş we paýlaýyş müdirliginiň agzynda oturan Aýjemal Kulyýewa, paýtagtyň etegindäki jaýy ýykylandan soň, iki çagasy bilen düşen kyn ýagdaýyny gürrüň berýär.

Iki çagaly enäniň ahwaly okyjylarymyzyň köpüsini pikirlenmäge, öz sözüni aýtmaga iteripdir.

Azatlyk radiosynyň websaýtynda «Artyk Babaly» diýen at bilen teswir galdyran okyjymyz şeýle diýipdir: «Uýam, mertlik edipsiň, arzyňy aýdyp bilipsiň, sag bol, seň ýaly şu mertligi edýän zenanlar köp bolanda, biz beýle güne düşmezdik...»

Jaýy ýykylyp, kanagatlanarly jaý berilmedik enäniň arzynyň diňlenmeýşi feýsbukdaky okyjylarymyzyň arasynda jedelli, çekeleşikli pikirleriň orta atylmagyna, Türkmenistanyň ýolbaşçylary barada kesgin häsiýetlendirmeleriň berilmegine getiripdir.

"Her kim özüni bilse..."

Olardan Muhammet Muhammet şeýle ýazýar: «Her kim özüni düşüneni üçin şuň ýaly zatlar bolýar, döwlet şoň üçin ösenok, haçana çenli men doýsam bolýa diýip ýaşap ýörjek?»

Ahmet Meredow, Hemra Türkmen, Babajan Hamraýew, Nazakýat Güngör, Gülşirin Jorakulyýewa, Gül Myrat, Abu Wakil... ýaly okyjylarmyz hem bu ýagdaýdan nägileliklerini bildirip, Aýjemala ruhy goldaw bildiripdirler.

Gül Allaberdiýewa atly okyjymyz Türkmenistanda şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň sebäplerini adamlaryň arasynda agzybirligiň ýoklugynda, olaryň jemlenip garşylyk görkezip bilmezliginde görýär. «Ýogsa gaz-nebitimiz, hemme zadymyz bar, emma adamlar çagalaryny taşlap, ýurt daşynda işlemeli bolýar» diýip, ol ýazýar.

Ýöne umydy halkyň bileleşip, agzybirlikde hereket etmegi bilen baglanyşdyrýan okyjylarymyz hem bar. Olardan Emir Ýelimgil «daýza, sizde döwlet ýok, bilelikde bolup, hereket ediň» diýip ýazýar.

Feýsbukda teswir galdyran okyjylarymyzyň arasynda Ýewropadaky Adam hukuklary suduny ýatlap, oňa ýüz tutmagy bir çykalga hökmünde görkezmek isleýänler hem bar.

Baryş Babahan atly okyjymyz «Aý, bu ýurt haçan sana girer, bilmedim» diýip ýazsa, Jennet Jan atly okyjymyz «pahyra ýaman ýüregim awady, hudaýjan kömek etsin, elmizden gelen zat ýok, utan Türkmenistan, bak, halkyň pim-pytrak boldy» diýip ýazýar.

"Prezident näme işleýär?"

Aly Memetoglu diýen okyjymyz bolsa «prezident we onuň orunbasarlary näme işleýär bulara bakman?» diýip soraýar.

Emma Maýa Berenowa diýen okyjymyz Türkmenistanyň prezidentini «iň açgöz, terbiýesiz, akylsyz-pikirsiz» adam hökmünde häsiýetlendirip, onuň eýeleýän wezipesine mynasypdygyny sorag astyna alýar.

Şol bir wagtda umydy elden bermeýän okyjylarymyz hem bar. Olardan Gözel Gurbanowa «Aslynda Türkmenistan huzurly bir döwletdir» diýip ýazsa, Bahar Kurt atly okyjymyz Aýjemalyň meselesiniň gysga wagtda döwlet baştutany tarapyndan çözüljegine umyt baglaýar.

Jaýy ýykylan Aýjemal Kulyýewa gürrüňi edilýän wideoreportažda özüne, iki çagasy bilen ýaşar ýaly, bir otagly jay berilse-de, razy boljagyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG