Sepleriň elýeterliligi

Baýden, Poroşenko sanksiýalar barada ylalaşdylar


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden (Joe Biden) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýa garşy indiki sanksiýalaryň geçen aý Minskde gelnen ylalaşygyň doly durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly bolmalydygy dogrusynda ylalaşdylar. Ak tam bu barada Baýdeniň 18-nji martda telefon arkaly Poroşenko bilen geçiren söhbetdeşliginde ylalaşylandygyny habar berýär.

“Russiýa Ukrainada durnuksyzlygy we ýowuzlygy güýçlendirmäge dowam etse, halkara jemgyýeti Moskwanyň şeýle hereketlerine gaýtawul bermek üçin taýýarlykly bolmalydyr” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle-de, Baýden 17-nji martda ukrain parlamentinde gozgalaňçylaryň kontrollugyndaky gündogar regionlara ýörite status we çäkli möçberde öz-özüni dolandyrmak hukugyny bermek we muny diňe Ukrainanyň kanunlary esasynda ýerli saýlawlardan soň amala aşyrylmagy boýunça geçirilen ses berişligi makullady.

XS
SM
MD
LG