Sepleriň elýeterliligi

BMG: “YD” genosidde aýyplanmaly


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça edarasy “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Yrakdaky ýazidi jemgyýetine garşy genosid gyrgynçylygyny, şeýle-de ynsanyýete we asuda ilata garşy uruş jenaýatlaryny amala aşyran bolmagy mümkin diýýär.

BMG-niň adam hukuklary boýunça edarasynyň raportynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine bu meseläniň derňelmegi üçin wakany Gaagadaky Halkara Jenaýat suduna geçirmäge çagyryş edilýär.

Geçen ýylyň iýun aýynda Yrakda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri ýurtdaky dini azlyklaryň, esasanda ýazidileriň ýüzlerçe erkek agzasyny öldürip, zenanlary gula öwürdiler we kiçi çagalary dinini Yslama çalyşmaga mejbur etdiler.

Yrakda “Yslam döwleti” atly toparyň hüjümleriniň öňýanynda, ýüz müňlerçe adam öz öýlerini terk etdiler.

XS
SM
MD
LG