Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabul: Polisiýa başlygy öldürildi


Owganystanyň resmileri Kabulda janyndan geçen burkaly bombaçynyň hüjüminde welaýat polisiýa başlygynyň öldürilendigini habar berýärler.

Resmileriň maglumatyna görä, Uruzgan welaýatynyň polisiýa başlygy Mattiullah Han 18-nji martda Kabulyň günbatarynda edilen hüjümde heläk bolupdyr.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň beren maglumatynda, bombaçynyň “zenan eşiginde we burka geýendigi” habar berilýär.

“Talyban” hereketi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG