Sepleriň elýeterliligi

Obama Nowruz baýramy bilen gutlady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

Ak Tam prezident Barak Obamanyň Nowruz baýramy mynasybetli eden çykyşyny we onuň Eýranyň ýaşlaryny öz liderlerine basyş etmäge hem ýurduň ýadro programasy boýunça ylalaşygy kabul etmäge ündemeklerine çagyrdy.


Barak Obamanyň ABŞ-da we beýleki dünýä ýurtlarynda Nowruz baýramyny belleýänleri gutlap, eden bu çykyşynda şeýle diýilýär: “Bu müňlerçe ýylyň dowamynda maşgalanyň we dost-ýarlaryň arasynda baharyň hem täze ýylyň gelmegini bellemegiň bir pursadydyr. Geçen hepdede meniň aýalym Mişel Nowruz baýramyny bu ýerde Ak Tamda bellemäge ýardam etdi. Bu janly medeniýetleriň, tagamlaryň, sazlaryň we bärde, Birleşen Ştatlarda her gün çäksiz goşant goşýan diaspora jemgyýetlerimiziň dostlugynyň dabaralanmasy boldy".

"Şu ýyl Eýran Yslam Respublikasynyň we halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda ABŞ-nyň arasynda öňegidişligiň bolmagyny göz öňünde tutýar. Men bu mümkinçilikden peýdalanyp, Eýranyň halkyna we liderlerine göni ýüzlenmek isleýärin”, diýip Barak Obama, şeýle-de, “Şu ýyl biz biziň ýurtlarymyzyň başgaça gelejege tarap eýermekleri üçin onlarça ýyllaryň dowamyndaky has gowy mümkinçilige eýe bolýarys. Bir ýyldan sähel gowrak mundan ozal biz Eýranyň ýadro programmasy boýunça başlangyç derejede düşünişmekligi gazandyk. Taraplaryň ikisi-de borçnamalarymyza eýerdi" diýdi.

Barak Obama ABŞ-nyň we Eýranyň meseläni diplomatik ýollar arkaly parahatçylykly çözüp biljekdigine ynam bildirdi we çykyşynyň soňunda şeýle diýdi:

"Onlarça ýylyň dowamynda biziň halklarymyzyň ynamsyzlyk we gorky sebäpli arasy açyldy. Häzir baharyň ýaňy başlanan wagty. Bizde şans – biziň ýurtlarymyzyň, dünýäniň bähbidine bolup biljek geljekki ençeme ýyla niýetlenen öňegidişligi gazanmaga şans bar. Häzir bu bize bagly, pursatdan we täze möwsümde gülläp ösüp biljek mümkinçiliklerden peýdalanmak eýranlylara we amerikanlara bagly”.

XS
SM
MD
LG