Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Sanksiýalar maslahat edildi


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk.

Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy ykdysady sanksiýalaryny Minskde gelnen ylalaşygyň berjaý edilişi bilen baglanyşykly boljakdygy barada ylalaşdy. Geçen aý Minskde ukrain hökümeti güýçleri bilen gündogar Ukrainadaky Russiýa tarapyndan goldanylýan gozgalaňçylaryň arasyndaky konfliktiň syýasy taýdan çözülmegi we ok atyşygyň bes edilmegi dogrusynda ylalaşyga gol goýlupdy.

19-njy martda Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde çykyş eden Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk: “ÝB-niň liderleri [Russiýa] garşy ykdysady sanksiýalaryň gelejeginiň Minskde gelnen ylalaşygyň doly berjaý edilmegi bilen baglanyşykly boljakdygy barada ylalaşdylar we şol çäreleriň 2015-nji ýylyň aýagyna durmuşa geçjekdigini ýadymyzda saklamalydyrys” diýdi.

Russiýanyň maliýe, goranyş we energiýa pudagyna garşy girizilen sanksiýalaryň möhletiniň uzaldylyp-uzaldylmajakdygy baradaky formal we ýurdiki karara Ýewropa Bileleşiginiň iýun aýynda geçiriljek sammitinde gelner. Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň möhleti iýul aýynda tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG