Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: II Jahan urşunyň ýadygärligi ýumruldy


Özbegistanyň resmileri Angren şäherindäki II Jahan urşuna degişli ýadygärligi ýumurdylar. Bu waka Moskwanyň ýolbaşçylygynda öňki sowet respublikalarynda şu ýylyň maý aýynda II Jahan urşunyň 70 ýyllygyny bellemäge taýýarlyklar artýan mahaly bolup geçdi.

Özbek resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän ýadygärlik Angren şäherini gaýtadan gurmak planlary bilen baglanyşykly, 19-njy martda şäheriň merkezinden aýrylypdyr.

Bu ýadygärlik Sowet Soýuzynyň II Jahan urşundaky ýeňşiniň 25 ýyllygy mynasybetli 1970-nji ýylda oturdylypdy.

Gürrüňi gidýän ýadygärligiň 10 metrden ybarat fundamenti bolup, onuň depesinde baýdagy göterip duran sowet esgeriniň 3 metrlik heýkeli ýerleşdirilendir.

Angren şäheri özbek paýtagty Daşkentden 50 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG