Sepleriň elýeterliligi

Astana: Ýurduň daşynda 150 gazak söweşýär


Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk komitetiniň resmileri 150 çemesi gazagystanlynyň ýurduň daşyndaky söweşiji toparlaryň hatarynda söweşýändigini habar berýärler.

19-njy martda Astanada Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary Nurgali Bilisbekow habarçylara beren maglumatynda, 150 raýatdan başga-da ýene 200 gazagystanlynyň ýurduň daşyndadygyny mälim etdi. Olaryň arasynda söweşijileriň aýallary, çagalary we dul galan zenanlar bar.

Gazagystanyň we Merkezi Aziýadaky käbir beýleki ýurtlaryň häkimiýetleri özleriniň ýüzlerçe raýatynyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň we beýleki ekstremistleriň hatarynda söweşýändigini habar beripdiler.

Bilisbekowyň aýtmagyna görä, 2014-nji ýylyň dowamynda gazak resmileri ekstremistleriň hatarynda söweşmek üçin adamlary hakyna tutmak synanyşygy bilen baglanyşykly 80 wakanyň üstüni açypdyr.

XS
SM
MD
LG