Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Tährana “basyş” etmeli däl


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Birleşen Ştatlar we dünýäniň iň kuwwatly beýleki ýurtlary Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça ylalaşygy baglaşmak üçin Tährana “basyş” etmeli däldir diýdi.

20-nji martda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen geçirjek gepleşikleriniň öňýanynda Zarif, Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň we Russiýanyň “basyş bilen ylalaşygyň” arasynda birini saýlamagynyň wagty geldi diýdi.

Dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy Tähranyň öz ýadro programmasyny çäklendirjek ylalaşygy kabul etmegini isleýär. Şeýlelikde, gürrüňi gidýän ylalaşyga laýyklykda, Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary gowşatmaklyk we Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmeklik göz öňünde tutulýar.

Taraplar Tähranyň ýadro programmasy dogrusynda çarçuwaly ylalaşygy 31-nji marta çenli we ylalaşygyň soňky görnüşini 30-njy iýuna çenli baglaşmaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG