Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Akademiýada ýangyn döredi


Gazagystanyň Almaty şäherindäki Gazak Milli Sungat akademiýasynda dörän ýangynyň möwjeýändigi habar berilýär.

Ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri Almatynyň merkezinde ýerleşýän dört gatly akademiýanyň üçegindäki ýangyny söndürmäge synanyşýan mahaly, binanyň içi ewakuasiýa edildi.

Professorlar, mugallymlar we studentler akademiýanyň binasyny terk etdiler. Şol bir wagtyň özünde, binadan seýrek duş gelýän suratlaryň hem-de mebelleriň çykarylýandygy habar berilýär.

Ýangynyň Aşgabat wagty bilen takmynan sagat 13:00 çemesi dörändigi aýdylýar. Ýangynyň näme sebäpden dörändigi barada henize çenli maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG