Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin pul birligi barada gepleşikleri teklip etdi


Rus prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň, Belarusyň we Gazagystanyň arasynda walýuta bileleşiginiň, ýagny bir pul birliginiň hereket etmegini ýola goýmak boýunça gepleşikleri başlamagyň wagty geldi diýdi.

Putin bu barada 20-nji martda Gazagystanyň paýtagty Astanada gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenko bilen geçiren ýygnagyndan soň mälim etdi.

Liderler üç ýurduň, şol sanda Ermenistanyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady problemalary maslahat etmek üçin duşuşdylar.

Mundan öň, öňki sowet respublikalarynyň arasynda walýuta bileleşigini döretmegi teklip eden Putin, gürrüňi gidýän üç ýurt “biziň walýuta syýasatymyzy sazlaşdyrmaga dowam etmek barada ylalaşdylar” diýdi. Şeýle-de, ol “gelejekde walýuta bileleşigini döretmek ähtimallygy barada gürrüň etmegiň wagty geldi” diýdi.

XS
SM
MD
LG