Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: wi-fi ulanyjylara garaşýan görgüler


"Türkmentelekom” edarasynyň bildirişi.

"Türkmentelekom” edarasynyň bildirişi.

Döwletiň eýeçiligindäki “Türkmentelekom” internet prowaýderi paýtagtyň internet kafelerinde wi-fi simsiz internet hyzmatlaryny hödürläp başlady.

Mundan beýläk gyzyklanma bildirýän müşderilere, internet kafeleriň özündäki kompýuterlerden başga-da, sagadyna 5 manat töläp, wi-fi arkaly öz şahsy göterme kompýuterlerinden, mobil telefonlaryndan internetden peýdalanmaga mümkinçilik döredi.

Aşgabatdaky internet kafe

Aşgabatdaky internet kafe

Aşgabatlylar, täze hödürlenip başlanan wi-fi hyzmatynyň gowy taraplary bilen birlikde, munuň bilen baglanyşykly talap edilýän goşmaça düzgünler we tehniki mümkinçilikler babatynda käbir kynçylyklaryň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Wi-fi hyzmatyna birikmek üçin müşderi internet-kafeniň operatoryna öz pasportyny goýup, hasaba durmaga borçly. Ýagny, pasportsyz bu hyzmatdan peýdalanyp bolmaýar.

Käbir ildeşlerimiz, hasaba durup, ulanyjynyň adyny we parolyny alanyňdan soň hem göterme kompýuteriň we beýleki degişli enjamlaryň wi-fi hyzmatyna birikdirilmeginde tehniki kynçylyklaryň aradan aýrylmaýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly Sona öz göterme kompýuterini bu hyzmata birikdirip bilmändigini, müşderilere hyzmat edýän bölüme baryp kömek soranda, özüne bu meseläni çözüp biljek operatoryň ýene 2 sagatdan geljekdigini aýdandyklaryny gürrüň berýär.

Wi-fi hyzmatyndan peýdalanmak üçin aýratyn, ýörite ýerler göz öňünde tutulmandyr.

Wi-fi hyzmatyndan peýdalanmak üçin aýratyn, ýörite ýerler göz öňünde tutulmandyr.

Sona: “Atamyrat Nyýazow ýolunyň ugrundaky internet-kafe açylaýan pursaty, ir sagat 8-lere baryp, hasaba durdum. Kompýuterimi birikdirip bilmedim. Kömek etmeklerini soranymda bolsa, ‘muny bilýän adamyň’ 10-lara geljekdigini, şoňa çenli garaşmalydygymy soradylar” diýip, duçar bolan kynçylyklaryndan söz açýar.

Wi-fi hyzmatyndan peýdalanyp bilmedik Sona pasportyny alyp gitmekçi bolanda, oňa “doldurylan 1 sagatlyk kwitansiýanyň puluny tölemese”, öz şahsy dokumentiniň berilmejekdigi aýdylypdyr.

Şol bir wagtda-da, Aşgabadyň internet-kafelerinde wi-fi hyzmatyndan peýdalanmak üçin aýratyn, ýörite ýerler hem göz öňünde tutulmandyr. Müşderiler adaty kompýuterli stollaryň başyna geçip, öz şahsy enjamlaryndan peýdalanmaly bolýarlar.

Ýatlap geçsek, mundan öň “Türkmentelekom” edarasynyň wi-fi internet nokatlary ”Ýimpaş” söwda merkezinde, Aşgabadyň halkara aeroportunyň 2-nji terminalynda we paýtagtyň demirýol wokzalynda açylypdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda internet aragatnaşygynyň ilata has elýeter bolup başlandygyna garamazdan, media azatlygyna gözegçilik edýän guramalar ýurtda internet senzurasynyň saklanyp galýandygyna ünsi çekýärler. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy öz ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistany “Internetiň duşmany” diýlip atlandyrylýan iň yzagalak ýurtlaryň hatarynda agzaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG