Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistan neşäniň tranzit ýoly


Ýük maşynda neşe gözlenýär
Ýük maşynda neşe gözlenýär

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Halkara neşe gözegçiligi strategiýasy barada hasabat çap etdi. 18-nji martda Kongrese hödürlenen iki bölümden ybarat bu hasabatda dünýä ýurtlarynyň neşe önümçiligini, dolanyşygyny we ulanylyşyny öz halkara borçlarynyň çäginde we BMG-niň ylalaşyklary esasynda azaltmak boýunça köptaraplaýyn tagallalaryna baha berilýär. Şeýle-de bu hasabatda hökümetleriň bikanun pullaryň ýuwulmagyna hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy alyp barýan göreşi barada maglumat berilýär.

Hasabatyň Neşe we himiki gözegçilik bölüminde 90 çemesi ýurduň we giňişleýin tagallalary barada maglumat berilýär. Bikanun pullary ýuwmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek boýunça bölümde bikanun pullaryň ýuwulýan esasy ýurtlarynyň pul ýuwmaklyga we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy berk çäreleri görmek boýunça tagallalary jikme-jik bellenilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara neşe gözegçiligi strategiýasy boýunça hasabatynda Türkmenistana Neşe we himiki gözegçilik baradaky birinji bölüminde baha berilýär.

Neşe tranziti

Hasabatda Türkmenistanyň Owganystandan Türkiýä, Orsýete we Ýewropa, şeýle-de Eýrana ýa-da Eýranyň üstaşyry geçirilýän neşe gaçakçylygynyň geçiş ýoludygy aýdylýar we onuň bikanun neşäniň we himiki maddalaryň esasy öndürijisi ýa çeşmesi bolup hyzmat edýän ýurt däldigi bellenilýär.

Hasabatda bellenişine görä, bikanun neşeleriň esasy bölegi türkmen-owgan we türkmen-eýran serhetlerinde ele salynýar.

Hasabatda neşä garşy göreşiň hökümetiň ileri tutýan syýasatydygy bellenilýär. Ynamly statistika henizem ýeterlikli bolmasa-da, türkmen hökümeti neşe bilen bagly jenaýatçylyklar sebäpli tussag edilenleriň günäsini geçmek tejribesini bes edensoň, içerki neşe söwdasynyň möçberiniň azalandygy aýdylýar.

Şeýle-de, bellenişine görä, 2014-nji ýylyň dowamynda bolan esasy öňegidişlikler hökümetiň Daşoguz welaýatynda tirýek gaçakçysynyň tutulmagy barada beren resmi habary; ýurtda ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça ýyllyk çäreleri we neşä garşy göreş boýunça jemgyýetçilige öňküsinden has köp maglumat bermek ýaly çäreleri öz içine alýar.

Türkmenistan halkara guramalary we diplomatik missiýalary bilen çäkli derejede hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirýär, emma onuň kanun goraýjy agentlikleri serişde, türgenleşigiň we enjamlaryň ýetmezçiligini duýýar diýlip, hasbatda Türkmenistanda daşardan barýan neşe serişdeleriniň gaçakçylygynyň esasy ýollarynyň arasynda neşäni ýük we ýolagçy ulaglarda gizlemek, pyýadalaryň daşamagy, käbir halatlarda adamlaryň, neşe serişdelerini haýwanlaryň bedeninde, aşgazanynda gizlemek ýaly usullary ulanýandygy agzalýar. Bu hasabatda Eýran tarapdan barýan ýük gatnawynyň agyrlygyna galýandygy we Türkmenistandan Azerbaýjana we Orsýete Hazar deňzi arkaly parom gatnawynyň gaçakçylyk üçin amatly ýol bolup durýandygy görkezilýär.

Ýurtda geroiniň, tirýegiň we marihuananyň bahasy regionda iň ýokary bolup galýar, bu bolsa üpjünçiligiň çäkliligini görkezýär. Sagdyn durmuş howpsuzlygy boýunça döwlet gullugy 2014-

nji ýylyň iýun aýynda 232 kilogram “neşäni ýakmak” boýunça çäre geçirdi we ony BMG-niň Neşäniň bikanun ulanylmagyna we dolanyşygyna garşy halkara gününe bagyşlady diýlip hasabatda berlen maglumata görä, 2014-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda 187,6 kilo bikanun neşäniň alnandygy barada resmi maglumat berildi. Bu bolsa 2013-nji ýylda ele salnan neşäniň 440,7 kilogram möçberi bilen deňeşdirilende has az, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanda ele salnan neşe serişdeleriniň möçberiniň 752,2 kilogram bolandygy ozal resmi maglumatlarda aýdylypdy.

Neşekeşleri bejermek we korrupsiýa

Saglyk ministrligi neşekeşleri bejerýän alty sany keselhanany dolandyrýar. Her keselhanada gününe 10 amerikan dollar möçberindäki bejerginiň hassalara mugt berilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň hökümeti neşekeşleriň sanyna degişli statistikany 2006-njy ýyldan bäri çap etmeýär diýlip hasabatda bellenilýär we korrupsiýa meselesine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň pes bolmagy we giň ygtyýarlyklary korrupsiýanyň gülläp ösmegine ýol açýar. Jemgyýetde polisiýa bolan ynamsyzlyk we polisiýanyň parahorluga baş goşýandygy baradaky maglumatlar, ýurduň kanun goraýjy organlarynda korrupsiýanyň problemaly ýagdaýyndan habar berýär.

Gaçakçy harytlary serhetden geçirmek üçin resmilere para bermek bilen bagly wakalar köp hasaba alyndy, şol bir wagtda kanun goraýjy organlaryň işgärleriniň ýa-da beýleki döwlet resmileriniň neşe korrupsiýasy bilen baglylykda yzarlanmagy barada 2014-nji ýylda habar berilmedi.

Hasabatda Türkmenistanyň neşä garşy göreş meselesinde halkara we regional derejesinde hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmagyň ähmiýeti bellenilýär.

Şeýle-de ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara neşe gözegçiligi strategiýasy barada hasabatynda aýdylyşyna görä, Türkmenistanyň ABŞ bilen ekstradisiýa etmek ýa-da kanun kömegini bermek boýunça özara ylalaşygy ýok. Şol bir wagtda-da Türkmenistan BMG-niň 1998-nji ýylda kabul edilen neşe baradaky konwensiýasynyň agzasy we onuň düzgünlerine görä, bu göreşiň çäginde halkara derejesinde bu göreşe ýardam bermäge borçly.

XS
SM
MD
LG