Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hökümet topary arzymyzy diňlemedi"


Owgan howpsuzlyk güýçleri.
Owgan howpsuzlyk güýçleri.

Owgan hökümet delegasiýanyň Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabynda bolan wakany derňemek üçin demirgazyga barandygy habar berilýär.

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Garkyn etrabynda 16-njy martda geçirilen protestde 5 adam ölüpdi. Bu waka Türkmenistan bilen aralykdaky Amyderýada ýerleşýän we eýeçiligi jedelli bolan ada bilen baglanyşykly geçirilen protestçilere owgan howpsuzlyk güýçleriniň ok atmagy netijesinde bolupdy.

Häzirki wagtda owgan hökümet toparynyň Garkyn etrabynda bolan wakany derňemek üçin demirgazyga barandygyny, emma olaryň halkyň arzyny diňlemändigini ýerli ýaşaýjylar habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymmerdanguly Myrady hökümet toparynyň Garkyn etrabyna eden sapary we ol ýerde gürrüňi edilen meseleler bilen gyzyklanyp, Garkyn etrabynyň arçyny we oba geňeşiniň başlygy Gulamresul Karýedar bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:22 0:00

XS
SM
MD
LG