Sepleriň elýeterliligi

Orhan Pamukdan täze kitap buşlugy


Orhan Pamuk

Orhan Pamuk

Nobel baýragynyň eýesi bolan türk ýazyjysy Orhan Pamuk "Aňymdaky geňlik" atly ahyrky romanyndan soň ýene bir täze kitaba başlandygyny we onuň ilkinji sözlemini ýazandygyny aýan edipdir.

Orhan Pamuk ýazýan romanlarynyň sünnäliginiň üstünde gaty köp kelle döwýän ýazyjylaryň biri hasaplanýar. Ol Türkiýäniň Izmir şäherinde okyýjylary bilen duşuşanda şeýle diýipdir:

"Ilkinji sözlem meniň üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Romanyň düýp mazmunyny we aňladylýan hemme zadyny ilkinji sözlemde ýaňzytmak isleýärin. Şol sebäpdenem ilkinji sözlemi ýazmaklygyň özi meniň üçin gaty kyn ýagdaý".

Has köp haýsy romanyny halaýandygyny aýtmaklyk babatda gaty kynçylyk çekýändigini nygtan ýazyjy, aslynda munyň ruhy ýagdaýyna görä tapawutlylyk görkezýändigini aýdypdyr.

Orhan Pamuk "Gara kitap" atly romany ýazmaklygyň özi üçin gaty täsin tejribe bolandygyny, ýöne buýsançly romanynyň "Meniň adym gyrmyzy" diýen eseri bolup durýandygyny belläpdir.

Ol "Meniň adym gyrmyzy" atly romanynyň Hytaýda has köp satylandygyny, "Gar" atly romanynyň ABŞ-da has köp halanandygyny, "Stambul" atly kitabynyň bolsa iň köp Ispaniýada satylandygyny gürrüň beripdir.

Orhan Pamuk golaýda dünýeden öten ýazyjy Ýaşar Kemaly tanaýandygyna we onuň dosty bolandygyna buýsanýandygyny aýan edip:

"Ýaşar Kemal bilen syýasat we edebiýat ugurlarynda dostlugymyz bardy. Şonuň ýaly-da onuň bilen uzaga çekýän gezelençlere çykýardyk. Köplenç Ýaşar Kemal gürrüň berýärdi, men bolsa diňleýärdim. Özümiňem onuň ýaly gaty köp zady bilýän şahsyýet bolasym gelýärdi" diýipdir.

XS
SM
MD
LG