Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Özbekler 'Sowet esgerini' ýykdy


Özbegistanyň häkimiýetleri Angren şäherinde Ikinji Jahan Urşunda wepat bolan Sowet esgeriniň hormatyna dikilen heýkeli ýykdylar.

Bu Orsýetiň Ikinji Jahan Urşunda nasistlerden üstün çykylmagynyň 70 ýyllygyny dabaraly bellemek planlaryna ters gelýär.

Angrendäki resmiler Azatlyk radiosyna 10 metr beýiklikdäki heýkeliň 19-njy martda, gurluşyk planlarynyň çäginde, şäher merkezinden aýrylyp, Daşkentden 50 km uzaklyga geçirilendigini aýtdylar.

Bu heýkel 1970-nji ýylda, nasistik Germaniýadan üstün çykylmagynyň 25 ýyllygyna gabat açylypdy.

XS
SM
MD
LG