Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Bakuwy gutlaýar


ABŞ Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň birnäçe aktiwisti türmeden boşatmak kararyny gutlap, Bakuwy beýleki aktiwistleri hem boşatmaga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň 19-njy martdaky prez-relizinde entek Azerbaýjanyň türmelerinde öz raýat işjeňligi üçin tussag oturan adamyň kändigi aýdylýar.

Türmedäki hukuk aktiwistleriniň arasynda Leýla Ýunus we onuň adamsy, derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowa, hukukçy aklawçy Intigam Alyýew, ýaşlar aktiwisti Rasul Jafarow dagy hem bar.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Nowruz baýramyna gabat, 18-nji martda 100 tussagyň günäsini geçdi.

Türmeden boşanlaryň arasynda Orhan Eýýubzade, Basir Suleýmanly, Anar Kasymly ýaly belli aktiwistler hem bar.

XS
SM
MD
LG