Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan polisi 9 adamy tutdy


Owgan polisiýasy merkezi Kabulda mähelle bolup öldürilen aýalyň işi boýunça 9 adamy tussag etdi.

19-njy martda gahar-gazaba çykan köpçülik 27 ýaşyndaky Farhandany, hamala Gurhany otlanlykda aýyplap, urup öldürdi we soň onuň jesedini otlady.

Kabuldaky jenaýat derňewleri bölüminiň başlygy Mohammad Farid Afzali Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna bu ölüm bilen bagly 9 adamyň tutulandygyny aýtdy.

Afzali Farhandanyň doktorynyň onuň uzak wagt bäri ruhy hassalykdan ejir çekýändigini tassyklandygyny aýtdy.

Prezident Aşraf Gani bu hüjümiň derňelmegini buýurdy.

XS
SM
MD
LG