Sepleriň elýeterliligi

Rohani: Ýadro ylalaşygy mümkin


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda alnyp barylýan gepleşikleriň gutarnykly ýadro ylalaşygyna alyp geljegine ynam bildirdi.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy 21-nji martda Rohanä salgylanyp, onuň ylalaşygyň “mümkindigine” ynanýandygyny ýazdy.

Rohani gepleşikleriň soňky tapgyryndaky progresiň özüni ylalaşyk babatda optimist edendigini aýdypdyr.

"Gepleşikleriň bu tapgyrynda ozal ylalaşylmaýan käbir meselelerde umumy garaýyşlar peýda boldy, bu gutarnykly ylalaşyga esas bolup biler” diýip, Rohani aýdypdyr.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Eýran bilen onuň dawaly ýadro programmasy barada geçirilýän gepleşiklerde “düýpli progres” gazanyldy, emma entek ylalaşygyň öňünde möhüm “boşluklar” saklanyp galýar diýdi.

Kerri bu sözleri Şweýsariýada, Eýranyň ýadro meselesini german, fransuz we britan kärdeşleri bilen maslahatlaşmak üçin Londona ugramazyndan öň aýtdy.

Eýran delegasiýasy Şweýsariýada ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň we Orsýetiň resmileri bilen Tähranyň ýadro programmasynyň çäklendirilmeginiň ýerine ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada gepleşik geçirýär.

XS
SM
MD
LG