Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar maksadyň birdigini tassyklaýar


Günbatar döwletleriniň baş diplomatlary 21-nji martda Londonda duşuşdylar.
Günbatar döwletleriniň baş diplomatlary 21-nji martda Londonda duşuşdylar.

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we ABŞ özleriniň Eýranyň ýadro gepleşiklerinden tutýan «maksatlarynyň bir-bütewidigini» ýene bir tassyk etdiler we Yslam respublikasy «kyn kararlary» kabul etmeli diýdiler.

Günbatar döwletleriniň baş diplomatlary 21-nji martda Londonda Eýranyň ýadro programmasy barada alnyp barylýan gepleşiklerde gazanylan progres barada maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.

Duşuşykdan soň Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammondyň okan jarnamasynda şeýle diýilýär: "Entek ol ýerde şertnamanyň baglaşylmagyna ýol bermeýän möhüm meseleler bar hem bolsa, biz esasy meselelerde düýpli progresiň gazanylandygy bilen ylalaşdyk.»

Eýranyň we dünýäniň alty döwletiniň – ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we Hytaýyň delegatlary geçen hepde Şweýsariýanyň Lausanne şäherinde, ykdysady sanksiýalary ýatyrmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada ylalaşyk baglaşmaga synanyşdylar.

Çarçuwalaýyn ylalaşyk ýa-da şertnamanyň esasy özeni 31-nji marta taýýar bolmaly, doly şertnama bolsa 30-njy iýunda baglaşylmaly.

"Ýeterlik eglişik" edilmedi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 21-nji martda «Huffington Postda» çap edilen söhbetdeşliginde eýranly gepleşikçiler ýadro gepleşiklerinde şertnama baglaşar ýaly «ýeterlik eglişikleri» etmediler diýdi.

“Olar entek gutarnykly ylalaşygyň baglaşylmagy üçin zerur boljak eglişikleri etmediler diýip pikir edýärin” diýip, Obama söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol ýene şeýle diýdi: “Emma olar ýerlerinden gozgandylar, onsoň bu ýerde mümkinçilik bar.”

Eýran özüniň ýadro işjeňlikleriniň arassa parahatçylyk maksatlaryny tutýandygyny aýdyp, aýak depýär, emma Günbatar döwletleri olar ýaşyrynlykda ýadro ýaragyny ýasajak bolýandyr öýdüp howatyrlanýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Lausanne şäherinden Londona ugramazyndan öň gepleşiklerde «düýpli progres» gazanyldy, emma entek ylalaşyk baglaşylmagynyň öňüni baglaýan «möhüm boşluklar» bar diýdi.

Kerri ABŞ bilen Fransiýanyň arasynda sanksiýalary gowşatmak meselesinde oňşulmaýandygy baradaky gürrüňlere ähmiýet bermezlige çalyşdy.

"Biz bir maksatdan, bir çemeleşmeden ugur alýarys, biziň kararymyz hem, aýgydymyz hem bir zada, Eýranyň ýadro programmasynyň tutuşlygyna parahatçylykly bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen» diýip, ol aýtdy.

Waşington, aýdylmagyna görä, Eýranyň öz ýadro programmasyny jylawlamak boýunça edýän anyk işleriniň deregine sanksiýalary kem-kemden gowşatmagy teklip edýär, emma Fransiýanyň soňky on ýylda girizilen sanksiýalary diňe «simwoliki gowşatmak» isleýändigi aýdylýar.

Eýran ähli sanksiýalaryň haýal etmän ýatyrylmagyny isleýär, ýewropaly gepleşikçileriň biri muny bolup bilmejek zat hökmünde häsiýetlendirdi.
Kerri hem «esasy kararlar» alynmaly bolanda, Waşington Tähran bilen kemçilikli şertnama baglaşmaga howlukmaz diýdi.

"Bize diňe haýsam bolsa bir ylalaşyk baglaşmak islemeýäris, eger şeýle bolsa, biz muny uzak wagt öň yglan edip bilerdik» diýip, ol aýtdy.

Waşingtondaky fransuz ilçisi Gerard Araud bir gün ozal twitterde şeýle ýazdy: “martyň aýagyny doly soňky möhlet etmek netijelilige garşy we howply." Taraplara “kompleksleýin şertnamany jemlemek üçin wagt gerek» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Çözülmez ýaly mesele ýok"

Kerriniň sözleri Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň gutarnykly ylalaşygyň baglaşylmak ähtimallygyna ynam bildirip aýdan optimistik sözlerini basmak üçin aýdylan ýaly boldy.

"Gepleşikleriň bu tapgyrynda ozal başgaça garalan käbir meseleler babatda hem umumy garaýyşlar peýda boldy, bular gutarnykly şertnama esasy bolup biler» diýip, Hassan Rohaniniň aýdan sözleri Eýranyň resmi IRNA habar gullugy tarapyndan ile ýetirildi.

"Ol ýerde çözülmez ýaly mesele ýok» diýip, Rohani aýdypdyr.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 20-nji martda ol ýerde şertnama elmiziň astynda diýip aýdar ýaly hiç bir tutaryk bolmady diýdi.

Şweýsariýadaky gepleşikler eýran delegasiýasy yzyna, ýurda dolanandan soň togtadyldy. Aýdylmagyna görä, olar ýa Rohaniniň ejesini jaýlamaga gatnaşmak, ýa-da Nowruz baýramyny bellemek üçin ýurtlaryna gaýtdylar.

Gepleşikçiler indiki hepde ylalaşygyň öňündäki böwetleri böwüsmäge synanmaly.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 20-nji martdaky Nowruz gutlagynda Eýranyň halkyna «bu meseläni parahatçylykly çözmegiň taryhy mümkinçiliginiň» bolandygyny aýtdy.

Emma Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi 21-nji martda ykdysady ösüş gazanmagyň hatyrasyna daşary ýurt talaplaryna tabyn bolmaly däldigini duýdurdy.

Hameneýi Nowruz baýramçylygy mynasybetli sözlän sözünde Günbatar döwletlerini nazarda tutup, «gedemsi döwletlere» hüjüm etdi we olaryň soňky aýlarda nebitiň bahasynyň ýarpydan gowrak aşak gaçmagynda rolunyň bolandygyny aýtdy.

Ol Eýranyň «duşmanlary» eýran halkyny Yslam respublikasynyň garşysyna goýmaga çalyşdylar diýdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG