Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi: ABŞ bilen hyzmatdaşlyk bolmaz


Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi Birleşen Ştatlar bilen Ýakyn Gündogarda hyzmatdaşlyk edip bolmaz diýdi.

Hameneýi 21-nji martda Nowruz mynasybetli sözlän sözünde «Birleşen Ştatlar bilen diňe ýadro meselesi barada gepleşiň, başga hiç zat barada gepleşmäň» diýdi.

Ol Maşat şäherinde toplanan mähellä ýüzlenip, Waşingtony Siriýada, Liwiýada we Müsürde durnuksyzlyk döretmekde aýyplady.

«ABŞ-nyň regional meselelerdäki wezipeleri biziňkä düýpden ters gelýär» diýip, ol aýtdy.

Hameneýi Waşingtony ykdysady sanksiýalary ulanyp, eýran halkyny Yslam respublikasyna garşy goýmaga synanmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG