Sepleriň elýeterliligi

Dostumy öldürjek 'boldular'


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri demirgazyk Jowuzjan welaýatynda birinji wise-prezident Abdul Raşid Dostumyň janyna kast etmek synanyşygynyň öňüniň alnandygyny aýdýar.

Owgan aňtaw gullugy özleriniň atynyň ardynda bomba gizlenen ýigidi tutandyklaryny, onuň 21-nji martda, Nowruz baýramynda buzkaşi ýaryşyna gatnaşandygyny aýtdylar.

Beýanatda ol adamyň bombasyny ýaryş mahalynda ýarmakçy bolandygy aýdylýar.

General Dostumyň sözçüsi Sultan Faýzi tutulan ýigidiň 20 ýaşyndaky Gul Ahmatdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG