Sepleriň elýeterliligi

Owganlar Farhundany jaýlady


Gurhany otlanlykda aýyplanyp, gaharly mähelle tarapyndan urlup öldürilen aýal Kabulda soňky ýoluna ugradyldy.

Diňe Farhunda ady bilen tanalýan aýalyň tabydyny egne alan hukukçy aktiwistler, gölegçi mähelläniň içi bilen, merhumyň jesedini gonamçylyga çenli göterip gitdiler.

Adamlar hökümetiň ganhorlary jogapkärçilige çekmegini talap etdiler.

Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli resmisi Mohammad Zahir onuň Gurhany otlandygyna subutnama ýok diýdi.

Polisiýa Farhundanyň 19-njy martda urlup öldürilendigini we soň jesediniň otlanyp, Kabul derýasyna taşlanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG