Sepleriň elýeterliligi

Pakistan 80 jeňçini 'öldürdi'


Resmiler pakistan goşunynyň demirgazyk-günbatar owgan serhedine golaý ýerlerde bir hepdeläp edilen howa we gury ýer hüjümlerinde 80 jeňçini öldürendigini aýdýar.

Harby resmiler 22-nji martda Haýber tire etrabynda bolan çaknyşyklarda azyndan 7 esgeriň heläk bolandygyny hem aýtdylar.

Goşunyň metbugat wekili Asim Bajwa öz twitter hasabynda Haýberde terrorçylaryň öz bazalaryndan bosdurylandygyny, olaryň serhede gaçýandaklaryny ýazdy.

Ol şu wagta çenli 80 terrorçynyň öldürilendigini, 100 çemesiniň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy. Bu sanlar garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylmaýar.

XS
SM
MD
LG