Sepleriň elýeterliligi

Tbiliside müňlerçe adam ýörişe çykdy


Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside on müňlerçe adam toplanyp, hökümetiň işden çekilmegini talap etdi.

21-nji martdaky demonstrasiýa ozalky prezident Mihail Sakaşwiliniň Birleşen milli hereketi tarapyndan çagyryş edildi.

Sakaşwili wideoşekilli gatnaşyk arkaly demonstrantlara ýüzlenip, «biz ýurdy dargydýan hökümetden Gürjüstany azat etmekdäki umumy wezipelerimizde birleşen adamlar» diýdi.

Birleşen milli hereketiň deputaty Giorgiý Gabaşwili şuňa meňzeş ýygnanyşyklaryň gelýän günlerde bütin ýurt boýunça geçiriljegini aýtdy.

BMH «Gürjüstanyň arzuwy» koalisiýasyny ýurduň ykdysady meselelerine ýalňyş çemeleşmekde aýyplaýar.

Geçen ýylda gürži pulunuň hümmetiniň 30 prosente golaý aşak gaçmagy, inflaýasiýanyň we işsizligiň artmagy köp gürjüstanla zyýan ýetirdi.

XS
SM
MD
LG