Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Menden başga-da tanşyň bardyr-a...


Karikatura.
Karikatura.

Kyn sowal

Goja lukman bilen goja mugallym köçede sataşýar. Lukman “Soňky ýyllarda okuwy tamamlaýan lukmanlar-da, mugallymlar-da juda gowşak. Munuň haçan soňy geler?” diýip zeýrenýär. Mugallym “Pul ýatanda” diýipdir. Lukman “Pul ýatarmy?” diýip, ikinji gezek sowal beripdir. Mugallym:

-Menden başga-da tanşyň bardyr-a! Bu sowalyňy şolara ber. Sen ähli zady menden sorap, biljek bolma -diýip, jogaby ýok sowaldan başyny gutarypdyr.

Iňlisçe bilemok

Bir gezek biri “Düýn şäherimize gelen iňlis köçäniň ugrunda içi pully gapjygyny gaçyrdy” diýip, tanşyna gürrüň berýär. Tanşy “Soňra nämboldy?” diýip soraýar. Gapjygyň gaçanyny gürrüň beren:

-Näme bolsun?! Iňlisçe ýeke sözem bilemok. Gapjygy öýüme alyp gaýtdym -diýipdir.

Geň galar ýaly zat ýok

Deňiz adasynda syýahatda bolup gelen “Bir gün agşamara myhmanhanada oturan wagtymyz ýer yrandy. Gap-gaçlar edil ganat biten ýaly bolup, depämizden uçup geçdi” diýip, dostuna gürrüň berýär. Dosty:

-Bu ýerde geň galar ýaly zat ýok. Ol biziň öýümizde her gün bolýan zat. Hany, gören geň-taň zatlaryň hakynda gürrüň bersene -diýipdir.

Demir gözenek

Biri goňşy welaýatda ýaşaýan dostunyň öýüne myhmançylyga barýar. Öý eýesi “Jaý salynypsyň, awtoulag satyn alypsyň” diýip eşitdim. Toýly jaý bolsun! At arkasy gutly bolsun!” diýipdir. Myhman:

-Sag bol! Yzyma dolanan dessime jaýymyň daşyna demir gözenekden haýat-da aýlajak -diýip, bolmajasy bolup güpläpdir. Öý eýesi:

-Beý, demir gözenege beýle höwesek bolsaň, harwar-harwar pul berip, amnistiýa düşüpdip, türmeden nämüçin çykdyň -diýipdir.

Ata kesbi

Bir gezek biri “Ata kesbi-ogla halal” diýilýäni ýalana döndi. Ine, men mirap, oglum gurluşykçy. Sen çopan, ogluň daýhan” diýip, goňşusynyň ýanynda zeýrenipdir. Goňşusy:

-Sen ikimizden hasap ýöretme! Ketde wezipelilere garap, baha kes. “Başlygyň kesbi-ogluna halal” diýseň, “Ýok” diýen tapylmaz -diýipdir.

Haýbat

Dükan müdiri “Dogtardan geçmeseň, işden kowaryn” diýip, satyja duýdurýar. Satyjy:

-Işden kowsaň, ol-a doktor eken, sendenem geçerin -diýip, onuň üstüne sürnüpdir.

Il içinden çöpläp, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG