Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CIA: ABŞ ýadro ýaraglarynyň öňüni alyp biler


Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aňtaw gullugy – CIA-iň direktory John Brennan Waşington Eýranyň ýadro ýaraglaryny özleşdirmeginiň öňüni alyp biler diýip, Tähranyň resmileri şeýle ýaraglary özleşdirmäge synanyşsa, özleriniň “ägirt uly netijeler” bilen ýüzbe-ýüz boljagyny bilýärler diýdi.

Şeýle-de, Brennan 22-nji martda Birleşen Ştatlaryň “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolan ýurda öwrülmezligi üçin Birleşen Ştatlaryň edip biljek köp zady bar diýdi.

Eýran we Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we Birleşen Ştatlaryň resmileri ykdysady sanksiýalary ýatyrmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada ylalaşyk baglaşmaga synanyşýarlar. Çarçuwaly ylalaşyk ýa-da şertnamanyň esasy özeni 31-nji marta taýyn bolmaly.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň arassa parahatçylyk maksatlaryny tutýandygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG